Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry bi­len ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­ler ne­ti­je­sin­de ki­ta­ba, ki­tap­ha­na be­ril­ýän üns has güýç­len­di. Ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy in­no­wa­si­ýa­la­ra esas­lan­ýan bi­lim­ler çeş­me­si­niň mer­kez­le­ri dö­re­dil­di. Ki­tap­ha­na­la­ra elekt­ron we in­ter­net hyz­mat­la­ry or­naş­dy­ryl­dy. Ki­tap­ha­na­lar­da döw­rüň ru­hu­na ky­bap iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ki­tap­ha­na tä­ze oky­jy­la­ry çek­mek, olar­da ki­ta­ba bo­lan söý­gi­ni ösdür­mek, bi­te­wi elekt­ron ki­tap­ha­na ul­ga­myny hödürlemek, elekt­ron ki­tap­la­ryň äh­mi­ýe­tini wa­gyz etmek bi­len bagly ge­çi­ril­ýän iş­ler aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Ki­tap­ha­na iş­gär­le­ri alyp bar­ýan iş­le­ri­niň çä­gin­de mek­dep­ler­de, eda­ra-kär­ha­na­lar­da tä­ze gel­ýän ede­bi­ýat­la­ryň göç­me ki­tap ser­gi­le­ri­ni, me­de­ni-köp­çü­lik çä­re­le­ri­ni, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry­ny gu­ra­ýar­lar. Okuw­çy we ta­lyp ýaş­la­ryň ara­syn­da ki­tap­lar bi­len ta­nyş­lyk­lar gu­ra­lyp, ola­ryň elekt­ron gör­nüş­le­ri ha­kyn­da wa­gyz işi­niň ge­çi­ril­me­gi oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Bu tej­ri­be ki­tap­ha­na bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny art­dy­ryp, oka­ma­ga gel­ýän oky­jy­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ge­tir­ýär.
Yn­san dur­mu­şyn­da mö­hüm rol oý­na­ýan ki­tap äh­li dö­wür­le­riň gym­mat­ly mag­lu­mat se­riş­de­si­dir, bi­lim­le­riň çeş­me­si­dir. Hä­zir­ki wagt­da mag­lu­mat ul­gam­la­ry­nyň ös­me­gi bi­len ki­tap­la­ryň elekt­ron gör­nü­şi meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Elekt­ron ki­ta­byň ta­ry­hy­na ser sa­la­ny­myz­da, ony dö­ret­mek ba­ra­da­ky il­kin­ji pi­kir Bob Brau­na de­giş­li­dir. Ol 1930-njy ýyl­da bu ba­ra­da ki­tap ýaz­ýar. Ka­gyz ýü­zü­ne ýa­zy­lan mag­lu­ma­ty bel­li bir tiz­lik­de öňe hem yza ge­çir­mek onuň pi­ki­ri ar­ka­ly be­ýan edil­ýär. Ka­gyz zo­lak­lar şol dö­wür­ler­de te­leg­ram­ma iber­mek­de hem giň­den peý­da­la­ny­lyp­dyr. Onuň bu pi­ki­ri elekt­ron ki­ta­byň ta­ry­hy­nyň göz­ba­şy hasaplanýar. 1971-nji ýyl­da ame­ri­ka­ly Maýkl Har­ta uni­wer­si­tet­de zäh­met çek­ýän döw­rün­de ma­şyn­dan peý­da­lan­ma­ga ber­len goş­ma­ça wag­ty has peý­da­ly za­da sarp et­me­gi öňe sü­rüp­dir. Ol bu ugur­da il­kin­ji elekt­ron ki­ta­by taý­ýar­lap, onuň teks­ti­ni komp­ýu­ter­de ýa­zyp­dyr. Il­kin­ji köp­çü­lik­le­ýin elekt­ron ki­tap­lar (elektron okaýjylar) 1998-nji ýyl­da sa­tu­wa goý­be­ri­lip­dir.
Elekt­ron ki­tap­ha­na­lar ki­tap­ha­na işin­de ga­bat gel­ýän: ne­şir­le­riň az muk­dar­da çap edi­len­li­gi, mag­lu­mat­la­ry sak­lar ýa­ly meý­da­nyň ýet­mez­çi­li­gi, ki­tap­la­ryň aýaw­ly sak­la­n­ma­gy ýa­ly me­se­le­le­riň hem çöz­gü­di­ni ýe­ňil­leş­dir­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, ýi­ten, za­ýa­la­nan ki­tap­la­ry, res­mi­na­ma­la­ry tä­ze­den di­kelt­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dö­red­ýär. Bu bol­sa elekt­ron ki­tap­ha­na­lar­dan ki­tap­la­ry, mag­lu­mat­la­ry dür­li gör­nüş­de al­ma­gyň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýär.
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da in­no­wa­si­ýa işi­niň ýer­lik­li hem-de döw­re­bap gu­ral­ma­gy we ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýaş­la­ryň bi­lim al­mak, ylym öw­ren­mek müm­kin­çi­lik­le­ri bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Ber­ka­rar Di­ýa­ry­myz­da hal­ky­my­za ha­lal zäh­met çek­mä­ge, döw­re­bap bi­lim al­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za,
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za berk jan sag­lyk, uzak ömür, alyp bar­ýan iş­le­rin­de he­mi­şe ro­waç­lyk ar­zuw ed­ýä­ris!

Pa­ra­hat EZI­ZO­WA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.