Türkiýäniň Siwas welaýatynyň Kaýalypynar etrabynyň golaýynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda gadymy Het döwletine degişli möhüm arheologik tapyndylar ýüze çykaryldy. Samuhdaky gözlegleriň netijesinde Het we Hurrit dillerinde ýazylan 131 sany toýun tagtajyk hem-de olaryň bölekleri tapyldy. Bu barada Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi habar berdi. Geçen ýyldaky tapyndylar bilen birlikde arhiwdäki toýun resminamalarynyň umumy sany 184-e ýetip, bu XXI asyrda tapylan Het tekstleriniň iň uly toplumy hökmünde taryha girdi.

Biziň eýýamymyzdan öňki XV asyryň ortalaryna – Tudhaliýa II-niň patyşalyk eden döwrüne degişli bolan bu resminamalar gadymy döwlet dolandyryşy, harby wakalar we dini däp-dessurlar baradaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Resminamalaryň arasynda ilat arasynda, esasan hem çagalara ýokaşan epidemiýa hakyndaky ýazgylar bar. Tagtajyklaryň birinde şa gyzynyň agyr keseli, ölümi we jaýlanyş dessury beýan edilýär. Şeýle hem tekstlerde Het harby ýolbaşçylarynyň Anadolunyň günbatarynda abanan howpuň öňüni almak maksady bilen patyşadan gyssagly goşun, at we harby arabalary ibermek baradaky resmi ýüzlenmesi saklanyp galypdyr.

Arhiw resminamalarynda palçylyk sungaty, dini dogalar we guşlaryň özüni alyp barşyna esaslanýan çaklamalar baradaky ýazgylar hem bar. Samuh sebiti Tudhaliýa II-niň döwründe şa galasy we Sauska hudaýyna bagyşlanan möhüm dini merkez bolupdyr. Şol sebäpli ol ýerden tapylan täze resminamalar alymlara Hetleriň dini ynançlaryny, ýazuw medeniýetini we döwlet gurluşyny giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilik berýär.