Ösüm­lik­ler­den ta­pa­wut­ly­lyk­da kö­me­le­giň to­hu­my bol­ma­ýar. Kö­me­lek­le­riň kö­ki, bal­da­gy, ýap­ra­gy, gü­li, mi­we­si we to­hu­my bol­ma­ýar. Şol se­bäp­li jan­ly or­ga­niz­miň bu gör­nü­şi haý­wan­lar­dan we ösüm­lik­ler­den ta­pa­wut­ly bo­lýar.
Kö­me­lek­le­ri öw­ren­ýän yl­ma mi­ko­lo­gi­ýa di­ýil­ýär.
Kö­me­lek­ler spo­ra­lar ar­ka­ly kö­pel­ýär. Kö­me­le­giň spo­ra­sy onuň tel­pe­ji­gin­de bol­ýar. Şeý­le-de bol­sa kö­me­lek­le­riň köp gör­nü­şi ýe­riň aşa­gyn­dan bir-bir­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­ýar.
Te­bi­gat­da kö­me­lekgiň 50 müň­den gow­rak gör­nü­şi duş gelýär. Iý­mek üçin ýa­ram­ly kö­me­le­k­ler irba­har­da ýag­şyň köp ýag­ýan döw­rün­de peý­da bol­ýar. Şeý­le hem azyk­lyk kö­me­lek­ler çyg­ly we sal­kyn otag­lar­da ýö­ri­te ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Kö­me­lek­le­riň zä­her­li gör­nüş­le­ri hem bo­lup, ola­ry iý­mek howp­lu­dyr. Şol se­bäp­li di­ňe iý­mek üçin ýa­ram­ly bo­lan kö­me­lek­le­r iýil­me­li.
To­hum­ly ösüm­lik­le­riň to­hum­la­ry­ny iýen guş­lar we beý­le­ki jan­ly-jan­dar­lar ola­ryň has uzak­da ýe­tiş­me­gi­ne se­bäp bol­ýar­lar. Kö­me­lek­le­riň to­hu­my bol­man­soň, to­hu­my­ny ýaý­rat­mak üçin suw­dan peý­da­lan­ýar. Kö­me­le­giň spo­ra­la­ry ýe­ti­şen­den soň­ra onuň dü­zü­min­den suw bö­lü­nip çyk­ýar. Çy­kan suw kö­me­le­gi so­wad­ýar. Sa­lkyn ho­wa ýy­ly ho­wa­dan dy­kyz bo­lan­soň, spo­ra­la­ry 10 sm çe­me­si uza­ga äkid­ýär.
Tro­pik to­kaý­lar­da kö­me­lek­ler ga­ryn­ja­la­ra ýa­pyş­ýar. Ga­ryn­ja­lar bol­sa kö­me­lek­le­riň spo­ra­la­ry­ny ola­ryň kö­pel­me­gi üçin iň amat­ly ýe­ri­ne äkid­ýär.
«Pi­lo­bo­lus» at­ly kö­me­le­giň spo­ra­sy suw dam­ja­jy­gy­nyň için­de ýe­tiş­ýär. Spo­ra­lar ula­lan­la­ryn­da onuň ýe­tiş­ýän «dü­wün­çe­gi» ýa­ry­lyp, se­kunt­da 25 metr tiz­lik bi­len daş-tö­we­re­ge ýaý­ra­ýar. Bu tiz­lik te­bi­gat­da­ky äh­li za­dyň tiz­li­gin­den ýo­ka­ry­dyr.
ABŞ-nyň Ore­gon şta­tyn­da dag etek­le­rin­dä­ki bal kö­me­le­gi 3,8 ki­lo­metr­lik meý­da­ny öz içi­ne al­ýar. Köp bö­le­gi ýe­riň aşa­gyn­da bir-bir­le­ri bi­len bir­leş­ýän bu kö­me­lek­le­riň ýa­şynyň 1900 ýyl­dan ulu­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Ýur­du­my­zyň dag etek­le­rin­dä­ki ba­ýyr­lyk­lar­da bit­ýän, ýer­den ça­la gü­be­ri­lip çyk­ýan do­ma­lan­lar hem kö­me­le­giň bir gör­nü­şi ha­sap­lan­ýar.