“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna giňden taýýarlyk görýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli ýerinde dabaraly maslahatlar, aýdym-sazly çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, bagtyýar halkymyz geçirilýän dabaralara uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şeýle dabaralaryň biri Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesindäki medeniýet öýünde geçirildi. “Garaşsyzlyk alyp, bagta ýetenim, berkarar döwletim, eziz Watanym” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarany etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary, medeniýet bölümi bilelikde guradylar. Dabara etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, il sylagly ýaşulularymyz, mährem enelerimiz, bilim, saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň ýörite taýýarlan estrada we halk aýdym-sazly çykyşlaryna, folklor toparynyň edebi-sazly kompozisiýasyna uly orun berildi. Perman Babajanow, Oraz Baýarow, Merdan Aknuryýew, Jeren Amanowa, Arzygül Duşemowa ýaly aýdymçylar özleriniň mahmal owazly aýdym-sazly çykyşlarynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, berkarar Watanymyzyň garaşsyzlyk ýyllyry içinde ýeten sepgitlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletli işlerini wasp etdiler.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
PDF








