1835-nji ýylyň 5-nji maýynda Belgiýanyň Brýussel bilen Mehelen şäherleriniň arasynda otly gatnawy ýola goýulýar. Şeýlelikde Belgiýa Ýewropada Beýik Britaniýadan soňra otly gatnawyny ýola goýan hem-de lokomotiw öndürip başlan ikinji ýurt bolýar. Şol ýyllar ýurduň bütin çäginde demir ýol tory döredilip başlanýar. Ýurtda senagatlaşmagyň artmagy demir ýollaryň gurluşygyna itergi berdi. Demir ýol gatnawynda bu ýurtda gurlan “Le Belge” (“Belgiýaly” diýmegi aňladýar) lokomotiw ulanylýar. “John Cockerill & Cie.” Kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan demir ýol ulagy kontinental Ýewropada öndürilen ilkinji lokomotiw bolýar. Ýurtda demir ýol pudagy kämilleşip, geçen asyryň ortalaryna çenli Ýewropada lokomotiw önümçiliginiň merkezi bolýar. “Cockerill”-den başga-da ýurtda “Société Anglo-Franco-Belge”, “La Meuse” we “Ateliers de Tubize” ýaly demir ýol ulaglaryny öndürmekde we dizaýn etmekde ýöriteleşen kompaniýalar peýda bolýar. 1836-njy ýylda Antwerpen port şäherine çenli demir ýol gurlup gutarylýar. 1843-nji ýylda ýurtda demirgazyk-günorta hem-de gündogar-günbatar ugurlarynda demir ýol ulgamy işe girizilýär.
Geçen asyryň başlaryna çenli demir ulgamlary döwletiň eýeçiligine geçirildi. Şeýlelikde demir ýol ulgamy Belgiýanyň Milli demir ýol kompaniýasyn degişli edilýär. Bu monopoliýa 2000-nji ýyllarda demir ulgamy gaýtadan liberallaşdyrylýança dowam edýär.