Häzirki wagtda köp dil bilýänleriň sany az däl. Birden köp dili suwara öwrenmek kyn däl. Eýsem, köp dil bilmegiň nähili peýdalary barka?!
Beýleki milletler bilen düşünişmek: haýsydyr bir sebäp bilen daşary ýurda gidilende ýa-da daşary ýurtly myhmanlar gelende, olar bilen gepleşip bilersiňiz. Şeýle hem başga dildäki aýdym-sazlara, filmlere, kitaplara we peýdaly maglumatlara düşünersiňiz.
Beýniniň işjeňligi artýar: çagalarda başga dili öwrenmek beýniniň iki tarapyny hem işjeňleşdirýär. Emma ulularyň beýnisiniň köplenç çep tarapy has köp ulanylýar. Şol sebäpli daşary ýurt dilini çagalykda we ýaşlykda öwrenmegiň has aňsat bolýandygy mälim edilýär.
Okuw derslerinde üstünlik getirýär: häzirki wagtda mekdeplerde daşary ýurt dilleri öwredilýär. Ene dilinden başga dilde gepläp bilýän çaga beýleki derslerde hem ökde bolýar.
Bir dil – bir adam, iki dil – iki adam: bu söz ýöne ýere aýdylmandyr. Başga bir dili öwrenmek, şol dilde gepleşýän ýurduň edebiýatyny, medeniýetini öwrenmäge giň mümkinçilik açýar. Ispança öwrenen bir adam, ispan dilinde ýazylan ähli eserlere düşünip bilýär. Diýmek, ispança ýazylan kitaplardan emele gelen kitaphanadan islendik kitaby alyp, okap biler. Daşary ýurt dilini suwara bilýän adamyň özüne ynamy hem artýar.
Ýatkeşligi güýçlendirýär: geçirilen barlaglar täze dil öwrenmegiň ýatkeşligi güýçlendirýändigini ýüze çykardy.
Diňlemek has täsirli
Dünýäde birnäçe adam köp dil bilýär. Käbir adam bolsa has köp dil öwrenmegi halaýar. Eýsem, başga dil öwrenilende nämelere üns bermeli?! Dilçiler daşary ýurt dili öwrenilende diňlemegiň has täsirlidigini belleýärler. Häzirki wagtda iňlis dili dünýäde 360 million töweregi adamyň ene dilidir. Bir milliard adamyň bolsa, iňlis dilini ikinji dil hökmünde bilýändigi çaklanylýar.
Ikinji dili öwrenensoň, üçünjisi aňsat
Dilçiler dil öwrenmegiň pikir edilişinden has aňsatdygyny belleýärler. Gündelik durmuşda bir dilde düşünişmek üçin iki müň söz ýeterlik. Ikinji dil öwrenilenden soňra bolsa, üçünjini öwrenmegiň has aňsat bolýandygy bellenilýär. Bir dili tebigy ýagdaýda öwrenmek üçin şol diliň gepleşilýän ýerinde bolup, 5-6 ýylyň dowamynda öwrenip bolýar. Has çalt we aňsat öwrenmek üçin bolsa, köp okamaly bolýar. Her diliň gurluşy tapawutly bolup, bu ýagdaý dil öwrenilende beýnini işjeňleşdirýär. Şeýle hem daşary ýurt dilindäki sesler hem başgaça bolup, suwara gürlemek üçin diliňi ýençmeli bolýar. Bular beýnini has hem işjeňleşdirýär.
23 ýaşynda 32 dil bilýär
Gresiýaly Ioannis Ikonomu 32 dil bilýär. Ol Ýewropanyň günbataryndaky Portugaliýadan Aziýada ýerleşýän Hytaýa çenli aralykdaky ýurtlaryň ählisiniň diýen ýaly dillerini bilýär. Dil we medeniýet ugurlarynda ýokary bilimi bolan Ikonomu nemes, iňlis, türk, rus, hytaý ýaly birnäçe dilleri bilýär. Ol Ýewropada diňe estonça we maltaça bilmeýändigini, şeýle hem köp dil bilmegiň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary artdyrýandygyny aýdýar.
Ýeri gelende aýtsak, belgiýaly dilçi Iogan Wandewalle 35 dil bilip, bu ugurda rekordyň eýesi. Ol türkmen dili bilen bir hatarda, arap, azerbaýjan, başgyrt, nemes, iňlis, fransuz, golland, italýan, gyrgyz, pars, rus, suahili, täjik, tatar, tywa, uýgur, özbek ýaly dilleri bilýär. Şeýle hem latyn we gadymy slaw ýaly häzirki wagtda gepleşilmeýän dilleriň ýedisini bilýär.
Maýa Şyhyýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.