Halkara howa menzilleri geňeşi (ACI) dünýäniň köp gatnawly aeroportlary barada maglumat taýýarlady. Maglumatda dünýäniň 185-den gowrak ýurdundan we sebitinden 2 müň 800-den gowrak howa menziline baha berlipdir. 2024-nji ýyla degişli maglumat üç ugra bölünýär: ýolagçy gatnawy, ýük geçirijiligi we uçar hereketi. Geçen ýyl howa gämisinden peýdalanan ýolagçylaryň sany 9,4 milliarddan geçipdir. Bu görkezijiniň 2023-nji ýyldakydan 8,4%, pandemiýadan ozalky döwürden (2019-nji ýyl) 2,7% ýokarydygy bellenildi. Sanawyň başyndaky 20 aeroport 1,54 milliard ýolagça hyzmat edipdir. Bu bolsa global ýolagçylaryň 16 göterimini emele getirýär. ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky Atlanta Hartsfild-Jekson aeroporty 100 milliondan köp ýolagçyny kabul eden ýeke-täk howa menzili bolupdyr. Dubaýyň halkara howa menzili 92,3 million ýolagça hyzmat edip ikinji, Dallas-Fort/Wort (87,8 million ýolagçy) üçünji bolupdyr.
Howa gämileri arkaly gatnadylan ýüküň möçberi bolsa, 127 million tonna ýetipdir. Bu görkeziji 2023-nji ýyldakydan 9,9%, 2019-njy ýyldakydan 4,1% köp bolupdyr.