Köpgatly jaýlarda agaç ekiler

198

Şä­her ila­ty­nyň art­ma­gy adam­la­ryň te­bi­gat­dan üz­ňe bol­ma­gy­na ge­tir­di. Şä­her­ler­de se­ýil­gäh­ler, de­ňiz ýa-da der­ýa ke­nar­la­ryn­da ýo­da­lar we bo­ta­ni­ka bag­la­ry bar hem bol­sa, iş­den ýa-da okuw­dan ge­len­den soň­ra mel­le­giň­de gül­le­ri su­wa­ryp, bag­la­ra ideg edip bol­ma­ýar. Te­bi­ga­ty ha­la­ýan adam­lar aý­na­nyň öňün­de goý­lan otag ösüm­lik­le­ri­ne, ak­wa­riu­myn­da­ky ba­lyk­la­ra ýa-da ka­pa­sa­da­ky gu­şa ideg ed­ýär. Hy­ta­ýyň “Bjar­ke In­gels Group” bi­na­gär­lik kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, be­ýik jaý­la­ryň her ga­tyn­da aý­ra­tyn bag dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şen­žen şä­he­rin­de gu­rul­jak iki sa­ny tä­ze gök­di­rä­niň bal­ko­nyn­da ki­çi­räk bag bo­lup, ol ýer­de dür­li agaç­lar, ösüm­lik­ler ös­dü­ri­ler. Bi­na­la­ryň bi­ri­niň be­ýik­li­gi 300 met­re ba­ra­bar bo­lup, ýa­şa­ýyş jaý üçin ni­ýet­le­ner. Be­ýik­li­gi 250 met­re ýet­ýän beý­le­ki bi­na­da iş ýer­le­ri ýer­le­şer. Bir-bi­ri­ne meň­zeş bo­lan iki bi­na­nyň daş ta­ra­pyn­da agaç ek­mek üçin bal­kon­lar bo­lar. Jaý­la­ryň üçe­gi­ne ýag­ýan ýa­gy­nyň su­wy ýyg­na­lyp, bu bag­la­ry su­war­mak­da we bi­na­nyň beý­le­ki ze­rur­lyk­la­ry üçin peý­da­la­ny­lar. Ba­gyň su­wa­ryl­ma­gy aw­to­ma­ti­ki ul­gam ar­ka­ly ýo­la goý­lar. Bag­la­ryň ýa­şaý­jy­lar we iş­gär­ler üçin aras­sa ho­wa­ny üp­jün et­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.

Aý­pe­ri Ka­ky­şo­wa, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by