17-nji ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry B.Mä­ti­ýew Aş­ga­bat­da iş sa­pa­ry bi­len bol­ýan Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li As­samb­le­ýa­sy­nyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy-Türk­me­nis­tan par­la­men­ta­ra dost­luk to­pa­ry­nyň baş­ly­gy Li Dal Gon bi­len du­şuş­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şu nuk­daý­na­zar­dan, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň oňyn hä­si­ýe­ti­ni kes­git­le­ýän iň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň wa­jyp äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di.
Ta­rap­lar soň­ky ýyl­la­ryň için­de iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýan par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň yzy­gi­der­li ösü­şi­ni nyg­ta­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li As­samb­le­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da dö­re­di­len hem-de iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­ne, ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk ul­ga­myn­da tej­ri­be alyş­ma­ga ýar­dam ed­ýän dost­luk to­par­la­ry­nyň işi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di.
Söh­bet­deş­le­riň nyg­ta­ma­gy­na gö­rä, ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry­na aý­ra­tyn iter­gi ber­di.
Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň ös­ýän­di­gi­ni nyg­ta­mak bi­len, ta­rap­lar döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­de umu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek ba­ba­tyn­da Söw­da, yk­dy­sa­dy, ylym we teh­no­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň mö­hüm or­nu­na ün­si çek­di­ler. Ylym, bi­lim, luk­man­çy­lyk, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk pu­dak­la­ryn­da, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­ler ba­ra­da bel­le­nil­di.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry türk­men ta­ra­py­nyň 2023-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da “Mer­ke­zi Azi­ýa + Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy” 16-njy hyz­mat­daş­lyk fo­ru­my­ny ge­çir­mä­ge taý­ýar­ly­gy ba­ra­da ha­bar ber­di.