5G beketleriniň sany artýar

48

Hä­zir­ki wagt­da in­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň soň­ky nes­li bo­lan 5G di­ňe adam­la­ryň in­ter­net­den peý­da­lan­ma­gy üçin däl, eý­sem se­na­gat­da we beý­le­ki ugur­da hem ula­nyl­ýar. Bu teh­no­lo­gi­ýa­da Hy­taý öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Mart aýy­nyň ahy­ryn­da ýag­da­ýa gö­rä, bu ýurt­da in­ter­net be­ket­le­ri­niň sa­ny 2,64 mil­li­on­dan geç­di. Hy­ta­ýyň Se­na­gat we prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi mi­nistr­li­gi (MI­IT) ýurt­da 5G te­le­fo­ny­ny ula­ny­jy­la­ryň sa­ny­nyň 620 mil­lio­na ýe­ten­di­gi­ni we 5G ara­gat­na­şy­gy­nyň ýur­duň äh­li et­rap­la­ryn­da el­ýe­ter­li­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Mi­nistr­lik 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň Hy­ta­ýyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de giň­den ula­nyl­ýan­dy­gy­ny aýan et­di. Mun­dan ozal ýurt­da şu ýy­lyň do­wa­myn­da 600 müň 5G be­ke­di­niň gu­rul­jak­dy­gy­ny we bu be­ket­le­riň sa­ny­nyň ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 2,9 mil­lio­na ýe­ti­ril­me­gi­niň mak­sat edi­nil­ýän­di­gi mä­lim edi­lip­di.
Soň­ky ýyl­lar­da Hy­taý 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny we inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny kä­mil­leş­dir­ýär. 2025-nji ýy­la çen­li şä­her­le­riň äh­li­si­ni we oba­la­ryň köp san­ly­sy 5G inf­rast­ruk­tu­ra­sy bi­len üp­jün edi­ler.
5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da hy­taý­ly kom­pa­ni­ýa­lar hem öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Smart­fon we ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ön­dür­ýän «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 5G teh­no­lo­gi­ýa­syn­da bäs­deş­le­rin­den öňe saý­lan­ýan­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne «Ericsson», «No­kia», «Qualcomm» we «Sam­sung» ýa­ly bäs­deş­le­rin­den has köp go­şant goş­ýan­dy­gy ha­bar ber­lip­di.

Mer­dan Ço­lu­kow, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.