
Dünýäniň iň uly elektroulag öndürijisi bolan “Tesla”-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask Günorta Koreýada täze zawod gurmagy meýilleşdirýär. Mask Koreýanyň zawod gurmak üçin iň gowy ýer boljakdygyny belleýär. Golaýda işewür Aziýa ýurtlarynyň birinde ýene bir “gigafabrik” gurjakdygyny mälim edenden soňra “Tesla”-nyň paýnamalarynyň bahasy 8 göterim ýokarlanypdy. Ilan Mask Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen wideoşekilli usulda gepleşik geçirip, zawod gurmak üçin iň gowy dalaşgär ýurduň Koreýadygyny nygtandyklaryny aýtdy.
“Tesla”-nyň häzirki wagtda ABŞ-nyň daşynda Germaniýanyň Berlin hem-de Hytaýyň Şanhaý şäherlerinde “gigafabrik” atly zawodlary bar. Her ýylda 2 million elektroulag öndürýän kompaniýa geljek ýyllarda 20 milliona çeni çykarmagy meýilleşdirýär. Bu maksada ýetmek üçin kompaniýa häzirkiler ýaly sekiz zawod gurmaly bolar. Ýagny, kompaniýa 2030-njy ýyla çenli her ýylda bir zawod gursa bu maksadyna ýeter.
Leýli Kulyýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
PDF








