Adamzat uzak ýyllardan bäri asman jisimleri bilen içgin gyzyklanýar. Geçen asyryň ortalarynda atmosferanyň daşyna dürli enjamlar ugradylyp başlandy. Soňra bolsa, adamyň hem kosmosa çykmagyna mümkinçilik döredildi. Halkara kosmos bekediniň işe girizilmegi bilen, 2000-nji ýylyň 31-nji dekabryndan bäri asman giňişliginde hemişe adam bar. Dürli maksatlar üçin ulanylýan kosmos giňişligi has köp özleşdirilýär. 2026-njy ýylda hem bu ugurda dürli taslamalar durmuşa geçiriler. Fewral aýynda NASA-nyň «Artemis II» missiýasy üçin dört astronawtdan ybarat topar Aýyň daşyndan aýlanyp gaýtmak üçin uçurylar. Uçuşyň dowamynda «Orion» kosmos gämisiniň dürli ulgamlary synagdan geçiriler.
Marsa uçuşlary ýola goýmak maksady bilen «SpaceX» kompaniýasynyň «Starship» raketasy hem dürli synaglary geçirer.
«Blue Origin» kompaniýasy bolsa, «Blue Moon Mark 1» atly enjamy Aýyň günorta polýusyna gondurmagy meýilleşdirýär.
Hytaýyň «Tianwen-2» atly enjamy bilen asteroidden nusga almak maksat edinilýär. Şeýle hem «Chang’e 7» kosmos enjamy arkaly Ýeriň hemrasynyň günorta polýusyna ylmy-barlag işlerini amala aşyrmaga niýetlenen robot ugradylar.
Dünýäniň ilkinji hususy kosmos bekedi boljak «Haven-1»-iň gurluşygyna başlanmagyna garaşylýar.
Ýewropa kosmos agentliginiň Ýapon aerokosmos gözlegleri agentligi bilen bilelikdäki maksatnamasynyň netijesinde döredilen «BepiColombo» kosmos enjamy Merkuriý planetasynyň orbitasyna baryp ýeter. Bu enjamyň uçurylanyna 8 ýyl dolýar. Bulardan başga-da, asman jisimlerini has ýakyndan synlamak üçin täze teleskoplar gurlar.
PDF









