«SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Falcon 9» ra­ke­ta­sy hem-de «Dra­gon» kos­mos gä­mi­si ar­ka­ly 4 adam Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne uçu­ryl­dy. «Axiom Space» hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ama­la aşyr­ýan sy­ýa­ha­tyn­da şol to­par­da bar bo­lan Ra­ýan Bar­na­wi kos­mo­sa çy­kan il­kin­ji sa­ud ara­bys­ta­ny­ly ze­nan hök­mün­de ady­ny ta­ry­ha ýaz­dyr­dy.
Şeý­le hem kos­mo­sa çy­kan­la­ryň ara­syn­da Bar­na­wi­niň il­de­şi Ali al-Kar­ni hem bar. Sa­ud ara­bys­ta­ny­ly ast­ro­nawt­lar bi­len bir ha­tar­da NA­SA-nyň ozal­ky ast­ro­naw­ty Peg­gi Wit­son hem-de işe­wür Jon Şoff­ner bu sy­ýa­ha­ta gat­naş­dy.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Kos­mos eda­ra­sy ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da «Gö­rüş 2030» tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de kos­mos mak­sat­na­ma­sy­nyň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Bu mak­sat­na­ma­da kos­mos se­na­ga­tyn­dan peý­da­lan­mak we bu ugur­da­ky yl­my iş­le­re gol­daw be­rmek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ast­ro­nawt­lar Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de 8 gün bo­lar­lar. Dür­li yl­my iş­le­re gat­naş­jak sa­ud ara­bys­ta­ny­ly ast­ro­nawt­lar gö­ni ýaý­lym ar­ka­ly 12 müň ta­ly­ba hem sa­pak be­rer­ler.

Jen­net Hu­daý­ber­ge­no­wa,
Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.