Rus alymlary kislorodsyz gurşawda işleýän we gymmat katalizatorlary talap etmeýän batareýany döretmek tehnologiýasyny hödürlediler. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň A.N.Frumkin adayndaky Fiziki himiýa we elektrohimiýa institutynyň we Russiýa Ylymlar akademiýasynyň himiýa fizikasy we lukmançylyk himiýasy meseleleriniň federal gözleg merkeziniň bilermenleri elektrik öndürmek üçin hloratlaryň wodorod bilen reaksiýasyny ulanmagy teklip edýärler. Şeýle batareýalar kosmosda, suwuň çuňlugynda we töwereginde kislorodg ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda işlär. Gözlegiň netijeleri “Molecules” žurnalynda çap edildi. Batareýalaryň köpüsinde redoks reaksiýalary ulanylýar. Şeýle enjamlaryň işleýşi wagtynda elektronlar bir reaksiýa komponentinden beýlekisine geçirilýär. Adatça, howadaky kislorod oksidleýji häsiýete eýedir. Bilermenler işjeňliginde kislorod bilen deňeşdirip boljak kislorodly hlor birleşmeleri bilen çalyşmagy maslahat berýärler. Bu ýagdaýda wodorod gysgaldyjy serişde hökmünde ulanylyp bilner, munuň üçin gysylan görnüşde howpsuz saklamak üçin köp tehnologiýa döredildi. Şeýle enjamyň çylşyrymlylygy, adaty şertlerde hloratlaryň hereketsiz bolmagy we reaksiýany işjeňleşdirmek üçin gymmat katalizatorlar talap edilýär. Geçirilen synaglaryň dowamynda alymlar döreden prototipiniň himiki energiýany 40-50% netijeliligi bilen elektrik energiýasyna öwürýändigini görkezdiler. Bilermenler enjamy kämilleşdirmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.

Mirjan Şaripow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Umumy tehniki dersler kafedrasynyň mugallymy