Kosmosdaky Gün panellerini goraýan örtük

112

Adam­zat 60 ýyl­dan gow­rak wagt­dan bä­ri kos­mo­sa dür­li en­jam­la­ry uçur­ýar. Dür­li ulu­lyk­da­ky bu en­jam­la­ryň kö­pü­si ge­rek bo­lan ener­gi­ýa­sy­ny Gün pa­nel­le­ri ar­ka­ly üp­jün ed­ýär. Em­ma bu pa­nel­le­re Gü­nüň ýi­ti şöh­le­si we ki­çi göw­rüm­li as­man ji­sim­le­ri se­bäp­li ze­per ýet­ýär. ABŞ-nyň Mil­li tä­ze­le­nip bil­ýän ener­gi­ýa la­bo­ra­to­ri­ýa­sy­nyň (NREL) hü­när­men­le­ri tä­ze go­rag ör­tü­gi­ni iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Bu ör­tük kos­mos­da­ky Gün ýyl­dan pa­nel­le­ri­ni dür­li zy­ýan­ly şöh­le­ler­den go­rap bil­ýär. Bi­ler­men­ler köp ýyl­dan bä­ri as­man gi­ňiş­li­gin­de, Ýe­riň or­bi­ta­sy­na ýer­leş­di­ri­len Gün pa­nel­le­ri ar­ka­ly ener­gi­ýa alyp, ony Ýe­re iber­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Bu ugur­da, Hy­taý, Ang­li­ýa, Fran­si­ýa, Ýa­po­ni­ýa we beý­le­ki ýurt­lar­da dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ame­ri­kan hü­när­men­le­ri­niň iş­läp taý­ýar­lan ör­tük­le­ri kos­mos­da ula­nyl­ýan beý­le­ki teh­no­lo­gi­ýa­la­ra ga­ra­nyň­da has ar­zan we ýe­ňil bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu bol­sa, onuň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga De­mir­ga­zyk Te­has we Ok­la­ho­ma uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri hem go­şant goş­ýar.

Be­genç Ak­ja­ýew, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.