Krosswordyň soraglary

1. Elgarama bolmadyk, özygtyýarly, garaşsyz.
2. Sähelçejik, ujypsyzja.
3. Argentinanyň ilaty, ýaşaýjylary.
4. Kösükli ekin
5. Diýeniň bolsun, dilegiň kabul bolsun, arzuwyň amala aşsyn (söz düzümi).
6. Togalak kelleli, ýasy teňňeli, gylçyksyz balyk.
7. Düwme, sadap
8. Atyň döşüne dakylýan bezeg esbaby.
9. Ýagtylyk, durulyk, açyklyk.
10. Geň, täsin, haýran galdyryjy.
11. Ýer sürlende azalyň geçip giden yzy
12. Aljyraňňy, gyssagly ýagdaýa düşmek.
13. Ýakyp-ýandyryp barýan, ýalynly.
14. Türkmen han-serdarlarynyň biri.
15. Pyrlanmak, towlanmak.
16. Aýallaryň burunlaryny deşip dakynýan bezeg şaýy.
17. Ýabany haýwanlary, guşlary atyp ýa-da duzak gurup tutmak bilen bagly pişe, şikär.
18. Parahatlyk, asudalyk.
19. Geň, täsin, haýran galdyryjy.
20. Aýal maşgalanyň göwresinde çaga galmagy netijesinde dürli nahara isleg döremek, agzy bimaza bolmak.
21. Ekinlere berilýän dökünleriň peýdasyny öwrenýän ylym.
22. Kawkaz halklarynyň haýallyk bilen ýerine ýetirýän tansy we onuň sazy
23. Kiçi ýaşly çagalaryň oýnaýan çalt hereketli milli oýny.
24. Pugta, mäkäm
25. Düýe çalyndan we süýdünden alynýan önüm.
26.
27. Iň güýçli zäherli gögümtil ýylan
28. Aklamak, ak reňke öwürmek.
29. Barlygy ýaradan, Beýik Biribar.
30. Suwda ýaşaýan balyk, gurbaga we başga jandarlaryň dem alyş agzasy.