Hytaýyň “Pop Mart International Group Ltd.” kompaniýasynyň girdejisi “Labubu” oýunjaklaryna bolan islegiň ýokarlanmagy kompaniýanyň girdejisini artdyrdy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Wan Nin täze, kiçi “Labubu” gurjagyny satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Bu habar mälim edilenden soňra paýnamalary has hem artdy. Şu ýylyň birinji ýarymynda kompaniýanyň girdejisi 204 göterim artyp, 13,88 milliard ýuana (1,93 milliard dollar) ýetdi. Arassa girdejisi bolsa, 397 göterim artyp, 4,57 milliard ýuana (632 million dollar) ýokarlandy.