Saud Arabystanynyň çempionatynyň täze klublaryndan “Neom” topary “Liondan” gaýdan fransiýaly meşhur hüjümçi Aleksandre Lakazetti tölegsiz transfer etdi. Arap kluby 34 ýaşyndaky oýunçy bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Lakazett karýerasy boýunça “Lion” hem-de “Arsenal” klublarynda oýnady. Ol “Lionda” 2 döwürde çykyş edip, 391 oýunda 201 goly derwezä girizdi. Lakazett “Arsenalyň” köýnekçesini 5 möwsüm geýdi (206 oýunda 71 gol).