“Toyota” -yň premium brendi “Lexus” Şanhaýda täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglary öndürýän zawod gurup başlady. Şeýlelikde, “Lexus” resmi taýdan zawodyň düýbüni tutandygy habar berdi. Bu tutuşlygyna daşary ýurtlulara degişli ikinji awtoulag öndürýän zawod bolar. Gurluşygynyň 2026-njy ýylyň awgust aýynda tamamlanmagyna we önümçiligiň 2027-nji ýylda başlamagyna garaşylýar. Deslapky maglumatlara görä, onuň ýyllyk önümçilik kuwwaty 100 müň awtoulag bolar.
“Lexus” (Şanhaý) “New Energy Co. Ltd.”-niň maýasy 740 million dollar, zawodyň umumy meýdany, takmynan, 1,13 million inedördül metri eýeläp, bu “Tesla”-nyň Şanhaýdaky zawodynyň meýdanyndan has uludyr.
Hakykatdan-da, Şanhaý häkimiýetleri bilen “Toyota”-nyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekilen pursatyndan başlap, binýadyň düýbi tutulýança iki aý geçdi. Ýerli işgärler bu prosesi “Lexus”-yň tizligi diýip atlandyrdylar. Ýapon awtoulag öndürijisi bu maýa goýumlary arkaly Hytaý we halkara bazarlaryna has laýyk gelýän elektroulag kysymlaryny işläp düzüp, elektrik we akylly öwrülişigini çaltlandyrmagy maksat edinýär.