“Milanyň” täze tälimçisi belli boldy

4

Tamamlanan möwsümde soňky tapgyrda öz meýdançasynda “Udinezeden” asgyn gelip, Çempionlar Ligasynyň daşynda galan Italiýanyň “Milan” toparynyň täze tälimçisi belli boldy. Şol ýeňlişden soň Massimiliano Allegrini wezipesinden boşadan toparyň tälimçiligine portugaliýaly Ruben Amorim bellendi. “Milan” kluby 41 ýaşyndaky hünärmen bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Milan” kluby ýaş tälimçä ýyllyk 3,5 million ýewro, şol sanda çempionlyk üçin 1, Çempionlar Ligasyna gatnaşany üçinem 0,5 million ýewro hak tölär.

Amorim “Kasa Pia” toparynda tälimçilige başlap, “Braga” hem-de “Sporting” klublaryny türgenleşdirdi. Sportingde” gazanylan 2 çempionlykdan soň “Mançester Ýunaýtediň” tälimçiligine bellenen Amorimiň iňlis klubundaky görkezijileri şowly bolmady. Ol ýylyň başynda “Ýunaýteddäki” wezipesinden boşadylypdy.

Amorim “Milandaky” 3-nji portugaliýaly tälimçi bolup, 2024/25 möwsüminiň 1-nji ýarymynda Paulo Fonseka, 2-nji ýarymynda bolsa Seržio Konseýsau “Milany” türgenleşdiripdi.