Golaýda Hindistanda batareýa önümçiliginde esasy materiallaryň biri bolan litiniň uly gory tapyldy. Ýurduň Geologiýa barlaglary edarasy we Magdan ministrligi tarapyndan mälim edilen ýatakda 6 million tonma litiniň bardygy anyklandy. Täze magdan ýatagynyň ýurduň magdançylygy üçin ähmiýetlidigi bellenilýär. Sebäbi tehnologiýa kompaniýalary uly bölegi litiý-ion batareýalary ulanýar. Olaryň önümçiligi bolsa, esasan, Hytaýda we Hindistanda amala aşyrylýar.
Ilkinji gezek 1991-nji ýylda Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy tarapyndan oýlanyp tapylan litiý-ion batareýalar köp mukdarda energiýa saklamaga mümkinçilik berýändigi hem-de daşalmagynyň aňsatdygy sebäpli gysga wagtda täjirçilik maksady bilen giňden ulanylyp başlandy. 2005-nji ýyldan bäri bolsa, telefon, kompýuter, elektron enjamlarynyň dürli görnüşi we soňky ýyllarda elektroulaglarda giňden ulanylýar.
Annamyrat Ýazmuhammedow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
.
PDF









