Liwanyň Prezidenti Jozef Aun Premýer-ministr Nawaf Salamyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümetiň düzümini tassyklady. Bu barada Prezidentiň diwanynyň beýanatynda mälim edilýär. Beýanatda hökümetiň Liwanyň hristian we musulman jemgyýetlerine deň derejede wekilçilik edýän 24 ministri öz içine alýandygy bellenilýär.
Döwlet Baştutany wagtlaýyn Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiren Najib Mikatiniň hökümetiniň işinden çekilýändigi baradaky karara gol çekdi. Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Mahmud Mekkiniň sözlerine görä, Ýusef Raji Respublikanyň daşary işler ministri, Ahmed al-Hajar içeri işler ministri we Mişel Menassa goranmak ministri we Ýasin Jaberi bolsa maliýe ministri wezipelerine bellendi. Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Mahmud Mekki täze hökümete ministrleriň bellenilendigini tassyklady. Indi resmi taýdan wezipä girişmek üçin parlamentden ynam sesini almaly.
Ozal habar berlii ýaly 9-njy ýanwarda Jozef Aun Liwanyň 14-nji Prezidenti boldy, öňki Halkara Kazyýetiniň başlygy Nawaf Salam bolsa, täze hökümet gurmak üçin Premýer-ministr wezipesine bellendi.