Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” rekord transfer hasaba alyndy. Möwsümiň iň köp pul harçlan topary “Liwerpul” çempionatyň transfer rekordyny goýdy. “Liwerpul” topary “Nýukaslyň” şwesiýaly hüjümçisi Aleksander Isaky 145 million ýewro (125 million funt sterling) transfer etdi (goşmaçalar bilen 150 million ýewro). Bu APL-niň taryhynda bir futbolçy üçin tölenen iň ýokary mukdar bolup, ol rekorda deň boldy. Şol bir wagtyň özünde Neýmar bilen Mbappeden soň Isak ähli döwürleriň iň gymmat 3-nji transferi hökmünde hasaba alyndy. 25 ýaşyndaky hüjümçi “Liwerpul” bilen 6 ýyllyk şertnama gol çekişdi. “Liwerpulda” 9-njy belgide oýnajak Isak Nýukaslda 109 oýunda 62 gol geçirdi. Ol AIK, “Borussiýa D”, “Willem II”, “Real Sosiedad” klublarynyň hem köýnekçesini geýdi.