“Liwerpul” täze tälimçisini resmi ýagdaýda mälim etdi

7

Golaýda niderland tälimçisi Arne Sloty wezipesinden boşadan “Liwerpul” toparynyň täze tälimçisi resmi ýagdaýda mälim edildi. Garaşylyşy ýaly ispaniýaly Andoni Iraola “Liwerpulyň” tälimçiligine bellendi. 43 ýaşyndaky hünärmen 2 ýyllyk şertnama gol çekdi.

Futbolçylyk ýyllarynda “Baskonia”, “Bilbao Atletik”, “Atletik Bilbao”, “Nýu Ýork Siti” klublarynda oýnan Iraola 2018-nji ýylda tälimçilige baş goşdy. Ol Kirpiň “AEK Larnaka”, şol sanda Ispaniýanyň “Mirandes”, “Raýo Wallekano” hem-de Angliýanyň “Bornmut” toparlaryna tälim berdi.

Iraola “Liwerpuldaky” Rafael Benitesden soň 2-nji ispan, şol sanda umumylykda klubuň taryhyndaky 24-nji tälimçi bolar.