Angliýanyň çempiony “Liwerpul” toparynyň portugaliýaly ýyldyzy Diogo Žota aradan çykdy. Ol özünden 2 ýaş kiçi inisi bilen “Lamborghini” kysymly ulagy barýarka heläkçilige uçrady. Wakanyň şaýady bolanlar ulagyň ýoldan çykyp, soňlugy bilen ulagda ýangynyň dörändigini aýdýarlar. “Marca” gazetiniň habar bermegine görä, bu hadysa Ispaniýanyň Zamora şäherinde bolup geçdi. Bu heläkçilikde 28 ýaşyndaky Žota hem-de özi ýaly futbolçy bolan inisi Andre (“Panafil FK”) aradan çykdy. 3 çaganyň kakasy Žota 22-nji iýunda, ýagny aradan çykmagyndan 11 gün öň Rute Kardosa bilen durmuş toýuny hem tutupdy.
1996-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Porto şäherinde dünýä inen Žota 2014-nji ýylda “Pasuş de Ferreira” klubunda professional karýerasyna başlaýar. 2016-njy ýylda “Atletiko Madride” transfer bolan Žota bu klubda 1 duşuşykda-da meýdança çykmaýar. “Porto”, “Wulwerhempton” klublarynda kärendesine oýnan Žota 2018-nji ýylda iňlis klubunyň düzümine ymykly goşulýar. 2020-nji ýylda “Liwerpul” bilen şertnama baglaşan Žota mersisaýdlylarda 182 oýunda 65 gol geçirýär. Onuň umumylykda klublarda 395 oýunda 133 goly bar.
Portugaliýanyň milli toparynda 49 oýunda 14 gol geçiren Žota 2 gezek UEFA Milletler Ligasynyň kubogyny gazanýar. 2018-nji ýylda Angliýanyň 2-nji, 2025-nji ýylda-da “Premier Liganyň” çempionlygyny gazanan Žotanyň aradan çykmagy tutuş futbol älemini ýasa büredi. Tanymal futbolçylar, tälimçiler sosial media hasaplarynda Žotanyň aradan çykmagy bilen baglanyşykly öz gynançlaryny beýan edýär.