Şu günler paýtagtymyzda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji maýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu medeni çäräniň açylyş dabarasynyň çäklerinde sergi guraldy. Onda arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi.
Dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabatda «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahat hem geçirildi. Liwiýadan gelen myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlandy. Olar ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Döredijilik çäresiniň jemleýji gününde (3-nji maý) Türkmenistanyň we Liwiýanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler.