Soňky geçirilen barlaglarda magniý ýetmezçiliginiň diňe fiziki taýdan däl, eýsem, beýniniň işjeňligine hem ýaramaz täsir edip biljekdigi ýüze çykaryldy. Stres, nädogry iýmitlenmek we durmuşdaky daşky täsirler magniý ýetmezçiligine sebäp bolýar. Esasan hem, ýürek-damar ulgamyndaky nähoşluklar magniý ýetmezçiliginiň täsirinden döreýär. Hünärmenler beden üçin zerur bolan bu mineraly ýeterlik derejede kabul etmegiň (iýmegiň) zerurdygyny belleýärler.
Magniý näme?
Magniý (Mg) adam bedeni üçin peýdaly möhüm minerallaryň biridir. Magniý nerw damarlaryndan we myşsalardan başlap, immuniteti berkitmekde, ýürek urşuny kadalaşdyrmakda, süňkleri berkitmekde we gandaky şekeriň derejesini kadalaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bedende magniniň 60 göterimi dişde we süňklerde, 39 göterimi dokumalarda hem-de 1 göterimi ganda saklanýar.
Magniý ýetmezçiliginiň sebäpleri
Az we nädogry iýmitlenmek
Stres bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolmak
Aşgazan agyrysy
Süýji keseli
Artykmaç derman serişdeleri
Zyýanly endikler
Garrylyk alamatlary
Bedende magniniň derejesi peselende myşsalaryň agyrmagy, güýjüni ýitirmegi, ýadawlyk, gowşaklyk, işdäsizlik, ukynyň bozulmagy, ünssüzlik, kellagyry, ýürek urşunyň üýtgemegi we ýüregiň bulanmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Magniý ýetmezçiligi saçyň dökülmegi, çişiň döremegi, akyl bulaşyklygy ýaly ýagdaýlara hem sebäp bolup biler.
Haýsy iýmitleri iýmeli?
Magniý ýetmezçiligi ýüze çykan halatynda bu ýagdaýyň öňüni almagyň iň oňat usullarynyň biri iýmitlenişi we iýmit sanawyny üýtgetmekdir. Ýokary hilli undan taýýarlanan iýmitlerden we şekerden gaça durmaly. Iýmit sanawyna düzüminde köp mukdarda magniý saklaýan iýmitleri goşmaly. Bu iýmitlere ysmanak, brokkoli ýaly gök önümler, kädiniň, günebakaryň çigidi, badam, hoz ýaly maňyzlar, däneli iýmitler, banan, awakado ýaly miweler, süýt önümleri, balyk, guradylan ir-iýmişler we gara şokolad degişli.