Dünýä lukmançylyk tejribesinde gazanylýan üstünlikleri milli lukmançylyga ornaşdyrmak, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş edaralary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak arkaly bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary hilini gazanmaga uly üns berilýär. Lukman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde saglygy goraýyş boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen halkara hyzmatdaşlygyň berk binýady tutuldy we häzirki döwürde ol Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, ajaýyp miwelerini berýär. Şu ýylyň 7-8-nji aprelinde saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumyny guramak lukmançylyk diplomatiýasynyň ösüşinde möhüm sahypalaryň biri bolup durýar.
Saglygy goraýyş boýunça türkmen-german forumy Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkara gatnaşyklaryndaky möhüm başlangyçlarynyň biridir. Forum birnäçe ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip, onuň iki döwletde yzygiderli geçirilmegi däbe öwrüldi. Şunlukda, saglygy goraýşyň ählumumy meseleleri öwrenilip, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň işlenilmegi ýola goýuldy. Türkmen-german forumy ilkinji gezek 2011-nji ýylyň noýabr aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshaderndäki Lýudwig Maksimilian adyndaky uniwersitetiniň klinikasynda geçirildi. Şondan bäri bu forum yzygiderli geçirilip gelinýär. Umuman, forumyň gün tertibinde iki döwletiň arasyndaky saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň bilermenleriniň hem-de bu ýurduň öňdebaryjy klinikalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlar, okuw sapaklary geçirilýär. Hünär kämilleşdiriş işleri barha giňeýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň nemes kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygynyň netijesinde döwletimizde täze gurulýan we durky täzelenilýän bejeriş-öňüni alyş edaralary Germaniýada öndürilýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.