Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi adamzat taryhynda iň uly gurluşyk depginleriniň birine şaýat bolýar. “dünýä derejesindäki gurluşyk gyzykmasy” diýlip atlandyrylýan bu prosesiň esasy özeni emeli aňyň we sanly tehnologiýalaryň binýady bolup hyzmat edýän äpet maglumat merkezleriniň (data-center) gurluşygy bilen baglydyr. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli bu merkezleriň sarp edýän elektrik energiýasynyň mukdary 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende iki esse artyp, tutuş Ýaponiýa döwletiniň sarp edişinden hem geçmegine garaşylýar.
Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda dünýäniň maglumat merkezleriniň umumy kuwwaty rekord derejä — 122 000 megawata çenli ýokarlandy. Bu görkezijiniň gerimini göz öňüne getirmek üçin dünýäniň iň kuwwatly atom elektrik stansiýalarynyň 38 sanysynyň doly güýjünde işlemelidigi tassyklanýar. Aýratyn-da, emeli aňyň we ChatGPT ýaly platformalaryň giňden ulanylmagy bu äpet binalaryň diňe bir energiýa däl, eýsem, sowadyş ulgamlary üçin milliardlarça litr arassa suw serişdelerini hem sarp etmegine sebäp bolýar.
Häzirki zaman maglumat merkezleriniň gurluşygy diňe bir tehnologik desgalary däl, eýsem, çylşyrymly ekologiýa we inženerçilik taslamalaryny özünde jemleýär. Bu merkezleriň işleýşi üçin amatly howa şertleri, ösen optiki süýümli ulgamlar we bökdençsiz suw üpjünçiligi talap edilýär. Innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen häzirki wagtda adaty howa sowadyş ulgamlaryndan has netijeli hasaplanýan suwuklyk arkaly sowadyş usullaryna geçilýär. Şeýle-de, iri tehnologiýa kompaniýalary energiýa zerurlygyny kanagatlandyrmak maksady bilen kiçi göwrümli modulýar reaktorlary we termoyadro sintezi ýaly täzeçil energiýa çeşmelerini özleşdirýärler. Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda bolsa bu merkezler howpsuzlyk we tebigy sowadyş maksady bilen öňki magdan känlerinde ýa-da ýerasty bunkerlerde gurulýar.
Şol bir wagtyň özünde, bu äpet taslamalar jemgyýetçilik we ekologiýa taýdan belli bir kynçylyklary hem ýüze çykarýar. Hususan-da, energiýanyň we suwuň aşa köp sarp edilmegi ýerli ilatyň nägileligine we infrastruktura agram düşmegine sebäp bolup bilýär. Mysal üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wirjiniýa ştatynda 2025-nji ýylda ekologiýa ýagdaýlary we çäkli serişdeler sebäpli 25-den gowrak taslamanyň goýbolsun edilmegi bu ugruň döreýän kynçylyklarynyň aýdyň mysalydyr. Şeýlelikde, sanly infrastruktura gurluşygy häzirki zaman dünýäsiniň ösüşiniň wezipesi bolmak bilen bir hatarda, tebigy serişdelere aýawly çemeleşmek we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly wajyp meseleleri gün tertibine goýýar.
PDF









