Malaýziýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi

32

25-nji oktýabrda Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan halkara medeni çäre guraldy.
Çärä Malaýziýanyň Bilim ministri, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Malaýziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar we medeni işgärler, şeýle hem türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň çäginde Magtymguly Pyragynyň medeni we edebi mirasyna bagyşlanan sergi guraldy.