Angliýanyň “Mançester Siti” çempionatyň erjel hüjümçileriniň biri bolan Antuan Semenýany transfer etdi. Şäherliler bu transfer üçin “Bornmut” toparyna 62,5+1,5 million funt sterling tölär. 3 gün öň ýaşyny dolduran ganaly hüjümçi “Mançester Siti” bilen 5,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Täze klubunda 42-nji belgili köýnekçäni geýer.
Karýerasyna Angliýanyň “Bristol Siti” toparynda başlan Antuan Semenýo bu klubda 125 oýunda 21 gol geçirdi. Ol “Bristol Sitide” oýnaýan mahaly “Bait Siti”, “Nýuport Kaunti”, “Sanderland” toparlarynda kärendesine çykyş edipdi.
2022-nji ýylyň ýanwarynda “Bornmutyň” düzümine goşulan Semenýo bu toparda 110 duşuşykda 32 goly öz adyna ýazdyrdy. Ol dowam edýän şu möwsümde APL-de 20 oýunda 10 gezek tapawutlandy.
Ol Gananyň milli ýygyndysynda-da 32 duşuşykda 3 goly derwezä girizdi.
PDF









