Marokko Patyşalygynda özboluşly binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan täze gökdirän açylyp ulanmaga berildi. Beýikligi 250 metre ýetýän bu desga ýurduň iň belent binasy bolmak bilen bir hatarda, Afrikanyň hem iň beýik binalaryň sanawynda ikinji orny eýeledi.
Paýtagt Rabatyň golaýynda ýerleşýän bu kaşaň bina Marokkonyň häzirki Patyşasynyň adyny göterip, ol “Mohammed VI Tower” (Mohammed VI diňi) diýlip atlandyryldy. Taslamanyň awtorlary meşhur arhitektorlar Rafael de la Os we Hakim Benjellun bolup, bu iri möçberli gurluşyk sekiz ýylyň dowamynda amala aşyryldy.
Bu döwrebap desgany gurmak baradaky başlangyç Afrika bankynyň ýolbaşçysy, telekeçi Otman Benjelluna degişlidir. Binanyň taslamasy düzülende dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan we innowasion çözgütlerinden peýdalanyldy. Desga aşakdan ýokaryk tarap inçelip gidýän özboluşly sütüni ýatladýar. Onuň gurluşygynda ýerli howa şertleri we ekologiýa talaplary doly hasaba alyndy. Hususan-da, binanyň günorta tarapynda Günüň şöhlesinden goraýan ulgamlar we energiýa tygşytlaýjy Gün batareýalary oturdyldy. Şeýle hem, bu ýerde ýagyş suwuny ýygnap, gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýän ýörite ulgam hereket edýär, bu bolsa binanyň halkara “LEED Gold” ekologiýa standartyna laýyk gelmegini üpjün edýär.
Geologik taýdan çylşyrymly ýerde ýerleşýändigi sebäpli, binanyň binýady 60 metr çuňlukda berkidildi. Konstruksiýanyň durnuklylygyny saklamak üçin inženerçilik ylmynyň iň täze gazanylanlary, şol sanda güýçli ýel öwüsende yrgyldylary peseldýän ýörite maýatnikli enjamlar (dempferler) ulanyldy.
Umumy meýdany 102 müň inedördül metrden gowrak bolan 55 gatly bu belent binada ýokary derejeli myhmanhana, döwrebap edara binalary, ýaşaýyş jaýlary we paýtagtyň gözelligini synlamaga mümkinçilik berýän ýörite meýdança ýerleşýär. Bina jemi 36 sany lift bilen enjamlaşdyryldy.
Bu iri göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmegine, takmynan, 700 million amerikan dollary möçberinde maýa goýuldy. Gurluşyk işlerini dünýäniň iň beýik binalaryny gurmakda uly tejribesi bolan meşhur “BESIX” kompaniýasy amala aşyrdy.