ABŞ-nyň ae­ro­kos­mos eda­ra­sy­nyň «Curio­si­ty» en­ja­my Mar­syň tä­ze su­ra­ty­ny iber­di. 2012-nji ýyl­da Gy­zyl pla­ne­ta ibe­ri­len al­ty ti­gir­li mar­sa­ho­dyň ibe­ren su­ra­tyn­da­ky to­ýun ga­ýa­lar bu ýer­de ir­ki dö­wür­ler­de su­wuň bo­lan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Su­rat­da şu ýy­lyň to­mus aý­la­ryn­da pla­ne­ta­da ýe­liň tur­ma­gy­na se­bäp bo­lan to­zan bö­le­jik­le­ri hem bar. NA­SA su­ra­tyň ge­çen aý dü­şü­ri­len­di­gi­ni mä­lim et­di. En­jam­da­ky ýad­ro ýan­gy­jy onuň gi­je-gün­diz iş­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýag­ny «Curio­si­ty» gaý­ry pla­ne­ta­lar­da­ky we as­man ji­sim­le­rin­dä­ki beý­le­ki en­jam­lar ýa­ly Gün şöh­le­sin­den zar­ýad al­ma­ga ze­rur­lyk duý­ma­ýar.