Hytaýyň Marsdaky «Zhurong» marsahodynyň ulanyş möhletiniň uzaldylandygy habar berildi. Gün şöhlesinden zarýad alýan enjam üç aý ulanmak maksady bilen işlenip düzülipdi. «Tianwen-1» atly kosmos gämisi bilen uçurylan enjam şu ýylyň 15-nji maýynda Gyzyl planetanyň «Utopia Planitia» düzlügine gondurylypdy. «Zhurong» sentýabryň ortalaryndan oktýabryň ahyryna çenli zarýad almak üçin öçürilip goýlar. Soňra bolsa 1,6 kilometr uzaklyga gider. Bu ýerde irki döwürlerde umman bolandygy çaklanylýar.
«Utopia Planitia» düzlügine ilkinji gezek 1970-nji ýylda ABŞ-nyň «Viking 2» atly enjamy gondurylypdy.