Balkan ýarym adasynda gadymy döwürlerden bäri bellenip gelinýän baýramlaryň biri hem martenisadyr. Bahar paslynyň buşlukçysy hasaplanýan bu baýram tebigatyň täzeden janlanmagyny, saglygy, bagty we şowlulygy alamatlandyrýar. Baýramçylyk däbine görä, balkanlar mart aýynyň gelmegi bilen pyntyklap, gül açyp ugran agaçlardan gyzyl we ak sapaklardan örülen goşarlyk (alaja meňzeş bezeg esbaby) asýarlar.
Bolgar halk döredijiliginde martenisa barada dürli rowaýatlar bar. Däbe görä, 1-nji martda bolgarlar ýakynlaryna we dostlaryna «martenisa» atly örme goşarlyklary sowgat berýärler. Başgaça penda ýa-da pižo diýilýän ak-gyzyl ýüpler bahar paslynyň nyşany hasaplanýar. Bolgarlar pendany garlawaç ýa-da leglek görünýänçä goşaryna dakyp gezýärler. Mart aýynyň ahyrynda bolsa, goşaryndan aýryp, bezeg hökmünde miwe berýän agaçlara daňýarlar. Balkan ýarym adasyndaky ähli ýurda ýaýran bu baýramçylyk günleri köçäniň ugrundaky agaçlara hem martenisa daňylýar. Daglyk sebitiň ýaşaýjylary köne däbe görä, ak-gyzyl sapakdan örülen bezegleri agaçdan aýranlaryndan soň, uly daşyň aşagynda gizleýärler we arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin dileg edýärler. Martenisada ulanylýan ak sapak uzak ömri, gyzyl sapak bolsa, güýji, saglygy we abadançylygy alamatlandyrýar.
PDF









