Adamlaryň aglaba böleginde gündelik durmuş endiklerinde el titreme alamatlary duýlup bilýär. Bilermenler el titremesiniň stres, gorky, şatlyk, açlyk we suwsuzlyk, gandaky şekeriň peselmegi, uzak wagtlap ukusyzlyk, aşa ýadawlyk we aşa köp mukdarda kofe içmek ýaly gündelik faktorlar sebäpli ýüze çykýandygyny düşündirýärler. Nädogry iýmitlenmek, nerw ulgamyndaky näsazlyk, hereketsizlik we bedendäki agyrylar hem el titremesine sebäp bolup bilýär. El titremesi özbaşdak kesel däl, ýöne saglyk bilen bagly meseläniň alamaty bolup biler.
Nerw bozulmasy. El titremesi nerw bozulmasynyň irki alamaty bolup biler. Şeýle ýagdaýda eliň titremegi adatça dynç alynýan wagtynda ýüze çykýar we hereket wagtynda azalýar.
Metabolik bozulma. Bedende alyş-çalşygyň çaltlanmagy, ýagny aşgazanyň iýmiti çalt siňdirmegi eliň titremegine sebäp bolup bilýär. Şeýle ýagdaýda bedeniň alyş-çalşygyny kadalaşdyrmak üçin gandaky şekeriň mukdaryna gözegçilik etmeli bolýar. Metabolik bozulmada eliň titremegi bilen birlikde, der basmak we eliňde agyrynyň peýda bolmagy ýaly alamatlar hem ýüze çykyp bilýär.
Dermanlaryň goşmaça täsiri. Bejergi alynýan halatlarynda käbir derman serişdeleri merkezi nerw ulgamyna täsir edip, eliň titremegine sebäp bolup bilýär. Lukmanyň gözegçiliginde dermanyň mukdaryny azaltmak ýa-da dermany üýtgetmek arkaly munuň täsirini azaldyp bolýar.
Stres ýa-da howsala düşmek. Garaşylmadyk habarlar ýa-da howsalaly ýagdaýlar nerw ulgamyna täsir edip, titreme alamatlaryny döredip bilýär. Strese ýa-da howsala düşen adamyň myşsalary dartylýar, dem alşy üýtgeýär. Bu bolsa eliň titremesine getirýär. Şeýle ýagdaýda özüňe erk etmäge çalyşmaly. Dem alyş maşkyny ýerine ýetirmeli.
Genetik faktor. Eliň titremegi nesilden-nesle geçýän, dünýäde iň köp ýaýran hereket bozulmalarynyň biridir. Ilkibaşda hat ýazmakda ýa-da çemçede nahar iýmekde kynçylyk çekmek bilen başlanýan bu ýagdaý soňra tutuş bedene öz täsirini ýetirip bilýär.
Ýadawlyk we ukusyzlyk. Aşa köp işlemek we ýeterlik ukyňy almazlyk nerw ulgamynyň işine täsir edip, eliň titremegine sebäp bolýar.
Kofeiniň mukdarynyň artmagy. Kofein nerw ulgamyny işjeňleşdirýän maddadyr. Köp mukdarda kofe, çaý we energiýa berýän içgileri içmek el titremesini artdyryp bilýär. Şol sebäpli kofeinli içimlikleri aşa köp içmekden saklanmaly.
El titremesiniň ýygylygy adamyň ýaşyna we saglyk ýagdaýyna görä üýtgeýär. Bu alamatlar 60-65 ýaşdan uly adamlarda köp duş gelýär. Bilermenler eliň titreme alamatlarynyň islendik ýaşda ýüze çykyp bilýändigini belleýärler. Eliň adaty titreme alamatlary 40 ýaşdan ulularda has köp duş gelýär. Durmuş ýörelgesini üýtgetmek, maşk etmek, sport bilen meşgullanmak, arassa howada gezelenç etmek, melhem çaýlaryny içmek, gury ir-iýmişleri we magniý elementine baý iýmitleri köpräk iýmek, deňagramly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak arkaly el titremesiniň öňüni alyp bolýar. Bilermenler el titremesi bolan adamlara meditasiýa maşklary bilen meşgullanmagy maslahat berýärler.
PDF









