25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, maý aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener. Şunuň bilen bir hatarda, geljek aýda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň, paýtagtymyzda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň geçirilmegi, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde fransuz, italýan we türkmen sungat ussatlarynyň bilelikdäki çykyşlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar bilen baglanyşykly şu ýylyň maý aýynda geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, nesilleriň parahat durmuşy, tutuş adamzadyň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiz hatyralanylýar, Beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyz uly hormat bilen ýatlanylýar. Bu şanly sene mynasybetli gazaply uruş döwrüniň gahrymançylykly wakalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere, şeýle hem edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäreleri, uruş we zähmet weteranlaryna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini, olaryň ýaş nesillerde watançylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly belent duýgulary terbiýeleýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken enelerimize 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagyny, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleriň hem ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.