Ispaniýanyň çempionatynda 1-nji tapgyryň galdyrylan oýnunda “Real Madrid” öz meýdançasynda “Real Sosiedady” 4-1 ýeňdi. Madridlileriň doly artykmaçlygynda geçen oýnuň gollarynyň 3-sini Kilian Mbappe geçirdi. Fransiýaly super ýyldyz oýnuň 40-njy, 60-njy hem-de 80-nji minutlarynda, ýagny soňky her 2 minutda bir gezek tapawutlanyp, täze möwsümdäki ilkinji het-trigini amala aşyrdy. “Real Madridiň” beýleki goluny bolsa Winisius Junior öz adyna ýazdyrdy. Oýunda Bellingam 2 gezek asist edip, ýeňşe ynamly goşant goşdy. “Real Sosiedadyň” ýeke-täk goluny bolsa, 44-nji minutda Luka Suçiç derwezä girizdi.
“Real Madrid” 2-nji tapgyrda “Espanýoly” soňky minutlarda Espiniň geçiren goly bilen 2-1 hasabynda ýeňipdi.
PDF








