12-nji ýanwarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi ýokary okuw mekdebiniň rektory bilen, şeýle-de pars dili hünärinde okaýan talyplar bilen duşuşyk geçirdiler. Şeýle-de Medeniýet merkezi tarapyndan birnäçe kitap, ýagny pars şahyry Saady Şiraziniň türkmen diline terjime edilen goşgulary, türkmen nusgawy şahyrlary Mollanepesiň, Nurmuhammet Andalybyň pars diline terjime edilen goşgulary, mundan başga-da türkmen şahyrlarynyň birnäçesiniň goşgular ýygyndysy hem-de pars dilini okatmagyň usulyýetine degişli kitaplar sowgat edildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky medeniýet hem-de ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek babatynda pikir alşyldy. Şeýle-de ýokary okuw mekdebiniň pars dili hünärinde okaýan talyplaryň we mugallymlaryň dil bilimini has-da ýokarlandyrmak babatynda hünär kämilleşdiriş sapaklarynyň geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.