Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Buig» kompaniýasynyň paýtagtymyzdaky «Carbon» okuw merkezinde sanly tehnologiýalar, etika we media ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak bilen bagly hünär ussatlygy boýunça ýörite okuw sapaklary geçirildi. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw sapaklary Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän CARAVAN media taslamasynyň media sowatlylygy, nädogry maglumatlaryň garşysyna göreşmek, žurnalistikada emeli aňy ornaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine aldy. Olara gatnaşyjylar daşary ýurtly hünärmenlerden jemgyýetçilik media ulgamlarynyň hem-de emeli aňyň mümkinçilikleri barada täze maglumatlary öwrendiler.


Talyplar we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin üç günläp, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin üç günläp aýratynlykda geçirilen okuw sapaklarynda gazagystanly bilermenler Aýganym Amirbekowa, Gulim Amirhanowa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmeni Aýgül Bäşimowa «Sosial ulgamlaryň ösüş strategiýasy», «Mowzuk döretmekde emeli aň gurallaryndan peýdalanmak», «Şu günüň mediasy», «Mediada dizaýn işi», «Emeli aňyň kömegi bilen tekst ýazmak», «Ýazuw aragatnaşygynyň formalary» ýaly mowzuklarda çykyş etdiler. Şeýle hem CARAVAN taslamasynyň direktory Wadim Sadonşoýew gatnaşdy. Okuw sapagyna gatnaşyjylara internet ulgamyndaky gurallardan ýerlikli peýdalanmaga degişli okuwlar geçildi. Okuw sapaklaryna ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallardan, şeýle hem internet habarlar saýtlaryndan žurnalistlerdir hünärmenler gatnaşdylar.
Tehnologiýanyň, emeli aňyň ösýän döwründe anyk maglumata elýeterlilik has-da ähmiýetli bolmagynda galýar. Bilermenleriň aýdyşy ýaly, jemgyýeti habarlar bilen üpjün etmekde žurnalistikanyň we bu ugurda zähmet çekýänleriň işine möhüm orun degişli bolup, ony döwrebap derejede guramak zerurdyr. Şeýle-de sanly platformalar bilen işlemekde, maglumatlaryň dogrulygyny barlamakda, emeli aňyň mümkinçiliklerini ýerlikli ulanmakda ýeterlik derejede tejribäniň wajypdygy nygtaldy.
Okuw sapagynyň ahyrynda gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Halkara bilermenler şeýle okuw sapagyny geçirmäge mümkinçilik döredendikleri üçin Türkmenistanyň Hökümetine we degişli ministrliklere minnetdarlyk bildirdiler.