Meksika 1/16 finala çykan ilkinji ýygyndy boldy

7

“A” toparçanyň beýleki duşuşygynda ýer eýeleri Meksikanyň ýygyndysy “Estadio Akron”-da Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyny 1-0 hasabynda utdy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 50-nji minutda Luis Fransisko Romo derwezä girizdi. Şeýlelikde, Meksikanyň ýygyndysy indiki tapgyra, has takygy, 1/16 finala çykan ilkinji ýygyndy boldy. Meksikanyň ýygyndysy utugyny 6-a ýetirip, toparçada 1-nji orny eýelemäge hukuk gazandy. Bu çempionatda ozalkylar ýaly, deň utuk bolan ýagdaýynda gol aratapawudy esasy görkeziji bolman, toparlaryň özara duşuşyklaryndaky netijeler hasaba alynýar. Şol sebäpli Meksikanyň ýygyndysy toparçada 1-nji orny eýelemegi başardy. Meksikanyň ýygyndysy 10-njy gezek toparçadan çykyp, olar 4 ýyl öňki Katar 2022-de çykyp bilmändiler. Ýöne 1994-2018-nji ýyllar aralygyndaky 7 çempionatda 1/8 finalda oýnapdy.

Meksikanlar indiki tapgyrda çehler bilen duşuşsa, koreýleriň garşydaşy Günorta Afrika bolar. Bu duşuşyklar 24-nji iýunda oýnalar.