Ku­ba­nyň meş­hur ko­ko tak­si­le­ri

0

Köp ýurt­da we şä­her­ler­de beý­le­ki ýer­ler­de ga­bat gel­me­ýän ulag se­riş­de­le­ri he­re­ket ed­ýär. My­sal üçin, 2 gat­ly gy­zyl aw­to­bus­lar Lon­do­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan bol­sa, Tai­land, Hin­dis­tan we Şri-Lan­ka ýa­ly ýurt­larda «tuk-tuk­lar» has ýör­gün­li­dir. Ada­ty bol­ma­dyk ulag gör­nüş­le­ri sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek­de, ýol­lar­da ulag dyk­ny­şy­gy­ny azalt­mak­da we ýan­gy­jy tyg­şyt­ly sarp et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şeý­le tä­sin ulag­la­ryň bi­ri hem ko­ko tak­si­le­ri­dir.
Sü­rü­jä we iki-üç ýo­lag­ça ni­ýet­le­nen ki­çi­jik ulag­lar Ku­ba­nyň kö­çe­le­ri­niň be­ze­gi ha­sap­lan­ýar. Mo­to­rik­şa meň­zeş 3 ti­gir­li ulag, esa­san hem, Ga­wa­na, Wa­ra­de­ro we Tri­ni­dad şä­her­le­rin­de sy­ýa­hat­çy­la­ry gat­nat­mak üçin ula­nyl­ýar. Açyk sa­ry reňk­li, ýu­murt­ga şe­kil­li bu ula­gyň ru­ly edil mo­to­sik­le­tiň­ki ýa­ly bo­lup, sa­gat­da 30-40 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket edip bil­ýär. Öza­ra gür­rüň edip, açyk ho­wa­da şä­her mer­kezi­ne aý­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän ko­ko tak­si­le­ri 1990-njy ýyl­la­ryň ahy­ryn­da oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Şä­her içi­ne, ýag­ny gys­ga ara­ly­ga ge­ze­lenç et­mä­ge ni­ýet­le­nen bu ula­gy wa­len­si­ýa­ly alym we oý­lap ta­py­jy Ho­se Bur­gal Mur­sia­no iş­läp düz­ýär. Il­ki­baş­da ki­çi we yg­ty­bar­syz gör­len sa­ry mo­to­tak­si­ler ar­zan­ly­gy we mü­nüp-düş­mä­ge oňaý­ly­ly­gy bi­len ku­ba­ly­la­ryň ara­syn­da ýör­gün­li ulag se­riş­de­si­ne öw­rül­ýär. Ula­gyň ady «coco» (ko­kos) sö­zi bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, ga­ba­ra­sy aý­na sü­ýü­min­den ýa­sa­lan­dyr. Se­bä­bi ula­gyň daş­ky şekili te­ge­lek gör­nüş­de bo­lup, ýa­ry­myn­dan ke­si­len ko­ko­sa meň­ze­ýär. Sü­rü­ji­niň ar­ka­syn­da uzyn otur­gy­jy bo­lan ko­ko tak­si­si ben­zin­li sku­ter he­re­ket­len­di­ri­jisi bi­len iş­le­ýär. Oý­na­wa­ja meň­zeş güý­men­je ula­gy­nyň ýük­li ýag­daý­da­ky ag­ra­my 300-400 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Ada­ty tak­si­ler ýa­ly sa­ry reňk­de çy­ka­ryl­ýan bu ula­gyň ar­ka­sy sa­ýa­wan şe­kil­li bo­lup, ýo­lag­çy­la­ry ýa­gyş­dan we ýel­den go­ra­ýar. Ko­ko tak­si­le­ri ýö­ne­keý gur­lu­şy we öz­bo­luş­ly gör­nü­şi bi­len şä­her me­de­ni­ýe­ti­niň bir bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär.