Mek­si­ka­nyň hä­ki­mi­ýet ba­şyn­da­ky “Mo­re­na” par­ti­ýa­sy Me­hi­ko şä­he­ri­niň ozal­ky hä­ki­mi 61 ýaş­ly Klau­di­ýa Şeýn­bau­my 2024-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­di. Ol hä­zir­ki Pre­zi­dent And­re­as Ma­nu­el Lo­pez Ob­ra­do­ryň mi­ras­dü­şe­ri­ni kes­git­län içer­ki ses be­riş­lik­de ýe­ňiş ga­zan­dy. Ka­nu­na gö­rä, hä­zir­ki Pre­zi­dent ýo­ka­ry we­zi­pe­de al­ty ýyl iş­lä­nin­den soň, gaý­ta­dan saý­lan­ma­ga hu­ku­gy ýok.
“Mo­re­na” par­ti­ýa­sy Klau­di­ýa Şeýn­bau­myň öz bäş bäs­de­şin­den saý­la­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di, res­mi mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ol ses­le­riň 39 gö­te­ri­mi­ni ga­zan­dy. Saý­law­la­ra gö­rä, Şaýn­bau­myň döw­let baş­tu­ta­ny bol­mak äh­ti­mal­ly­gy tak­my­nan 60 gö­te­ri­me ba­ra­bar.
Öň­de du­ran saý­law­lar­da Şeýn­bau­myň esa­sy bäs­de­şi “Mek­si­ka üçin giň front” gar­şy­lyk­çy par­ti­ýa­syn­dan da­laş­gär, 61 ýaş­ly ze­nan So­çitl Gal­wez bo­lar. Ol go­laý­da bu par­ti­ýa­dan da­laş­gär gör­ke­zi­lip­di. Şun­luk­da, Mek­si­ka­da ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si üçin iki ze­nan bäs­le­şer.
Saý­law­lar 2024-nji ýyl­da ge­çer, on­da döw­let Baş­tu­ta­ny­ny gö­ni ses ber­mek ar­ka­ly gaý­ta­dan saý­lan­ma­ga hu­ku­gy bol­maz­dan al­ty ýyl möh­le­te saý­la­nar.