Ussat režissýor hem-de aktýor Mel Gibson surata düşüren meşhur filmi “Hristosyň hyjuwy” (The Passion of the Christ) kinosynyň dowamyny ekranlaşdyrar. 2 bölümden ybarat boljak täze filmiň 2-si hem yzly-yzyna kinoteatrlarda görkeziler. “The Resurrection of the Christ” ady bilen surata düşüriljek filmleriň 1-nji bölümi 2027-nji ýylyň 26-njy martynda, 2-nji bölümi bolsa şol kinodan 40 günden soň, ýagny 6-njy maýda ekranlara çykar. Kino sungatynyň taryhynda 2 bölüme bölünen filmiň ikisiniň-de 40 gün aratapawut bilen görkezilmegi juda seýrek hadysa hökmünde bellenilýär. Täze filmde kimleriň surata düşjekdigi anyk bolman, Jim Kawizeliň ýene-de baş keşbi janlandyrmagyna garaşylýar.
Režissýoryň mundan 21 ýyl ozal ekranlara çykan “The Passion of the Christ” filmi 30 million dollaryň öwezini prokatlardan toplan 612 million dollarlyk girdejisi bilen dolupdy. Jim Kawizel, Monika Belluççi ýaly artistleriň baş keşpde surata düşen şol filmi iň gowy makiýaž, iň gowy operator hem-de iň gowy saz ugurlary boýunça Oskara dalaşgär görkezilipdi.