14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Mejlise merkezi toparyň agzalary, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly» we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe gününde geçirmek bellenildi. Şoňa görä, saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmek mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň dürli ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyna seredildi. Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygy bilen baglylykda, geçiriljek çäreleriň ähmiýeti nygtaldy.
Pikir alyşmalaryň netijesinde saýlaw möwsüminiň 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlanýandygy yglan edildi, şeýle hem okruglaryň we uçastoklaryň çäklerini kesgitlemek bilen bagly meselelere garalyp, hereket edýän okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi seljerildi. Şunuň bilen bir hatarda, saýlawlar boýunça taýýarlanylan gollanmalar tassyklanyldy. Saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirildi.
Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň habarlary diňlenildi. Çykyş edenler täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, saýlawlaryň aýdyňlygyny üpjün etmäge uly üns berilýändigini bellediler. Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmeginiň üpjün edilmegini, ilat arasynda degişli düşündiriş işleriniň alnyp barylmagyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlediler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda geçiriljek saýlawlaryň giň gerimli syýasy özgertmeleri durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygy nygtaldy.
Saýlaw möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady bilen, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Toparyň agzalary, mejlise gatnaşyjylar bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetine ünsi çekip, saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
PDF









