Milli çempionatlarda möwsümiň başlanyna entek 1 aý dolmadyk hem bolsa eýýämden klublar tälimçisini çalşyp başlady. Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatyndan ilkinji şeýle habar “Bundesligadan” gelip gowuşdy. Möwsümiň ilkinji 2 duşuşygynda 1 utuk gazanan “Baýer” topary tejribeli tälimçisi Erik ten Hagy wezipesinden boşatdy. Klubuň ýolbaşçy düzüminiň gelen netijesine görä, niderland hünärmen klubdan ugradyldy. Toparyň ýolbaşçylaryndan Simon Rolfes bu barada: – Şeýle netijä gelmek ýeňil bolmady. Hiç birimizem şeýle ädim ätmek isläp baramzokdyk. Ýöne soňky hepdelerde alnan netijeler bizi şeýle karara gelmäge mejbur etdi. Toparymyzda oýunçylaryň uly ynam bildirýäris. Mundan soň täze düzümimiz bilen gerekli ädimleri ädip, ýeňişler gazanmak üçin elimizde baryny gaýgyrmarys – diýip, beýanat berdi.

2 aý öň wezipä bellenen Erik ten Hagyň tälimçiliginde “Baýer” topar 2-si çempionatda jemi 3 resmi duşuşyk geçirdi. Şolarda 1 ýeňiş, 1 deňlik, 1 ýeňliş netijeleri hasaba alnyp, çempionatyň 1-nji oýnunda öz meýdançasynda “Hoffenhaýmdan” 2-1 asgyn gelipdi. 2-nji duşuşykda bolsa 1 oýunçysy kem “Werderden” 3-1 öňde barýarka, soňky minutlarda 2 gol geçirden lewerkuzenliler meýdançany deňlik bilen terk etdiler.