Meşhur ýazyjy Kodzi Sudzuki aradan çykdy

4

Dünýä belli «Jaň» (The Ring) romanynyň awtory, ýapon edebiýatynyň görnükli wekili Kodzi Sudzuki 68 ýaşynda Tokionyň hassahanalarynyň birinde aradan çykdy. «Kyodo» agentliginiň berýän maglumatyna görä, ýazyjy 8-nji maýda aradan çykdy.
1991-nji ýylda neşir edilen we soňra dünýä derejesindäki medeni fenomene öwrülen «Jaň» romany Sudzukä halkara derejesinde meşhurlyk getirdi. Bu eseriň esasynda 1998-nji ýylda režissýor Hideo Nakata tarapyndan düşürilen çeper film we 2002-nji ýyldaky Golliwud rimeýki gorkuly eserler (horror) žanrynyň ösmegine ägirt uly täsir etdi.
Kodzi Sudzuki diňe bir «Jaň» eseri bilen çäklenmän, eýsem, ýapon we dünýä edebiýatynda ykrar edilen birnäçe romanlaryň hem awtorydyr. Onuň «Jennet» atly debýut romany 1990-njy ýylda Ýaponiýanyň fentezi romanlary bäsleşiginde iň ýokary baýraga mynasyp boldy. Mundan başga-da, ýazyjynyň «Spiral» romany Eýdzi Ýosikawa adyndaky edebiýat baýragyna, «Gyrany» eseri bolsa ABŞ-nyň Şirli Jekson baýragyna mynasyp görüldi. Sudzuki döredijilik ýolunda adaty bolmadyk çemeleşmeleri bilen hem tapawutlanyp, 2009-njy ýylda «Damja» atly gorkuly hekaýasyny hajathana kagyzy rulonlarynda çap etdiripdi. 2022-nji ýylda Gorkuly eserleriň ýazyjylarynyň assosiasiýasy tarapyndan edebiýat žanryna goşan goşandy üçin oňa Brem Stoker adyndaky abraýly sylag gowşuryldy.