Dünýä Kubogynda garaşylýan final oýnalar. Ispaniýanyň finaldaky garşydaşy Argentina boldy. Tangoçylar ýene-de kembek bilen ýeňiş gazanyp, bassyr 2-nji gezek finala çykmagy başardy.
Atlantadaky Mercedes-Benz Stadium-da oýnalan ýarym finalda Argentinanyň ýygyndysy Angliýanyň ýygyndysyny 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk çekeleşikli hem-de dartgynly ýagdaýda geçdi. Oýnuň 1-nji ýarymynda hasaby açmak toparlara başartmady. Ýöne 2-nji ýaryma iňlisler gol bol başlady. 55-nji minutda Morgan Rojersiň owadan pasynda topy Antoni Gordon derwezä girizip, hasaby açdy. Bu gol mundan öňki tapgyrlardaky ýaly, argentinleri özüne getirdi. Super ýyldyz Lionel Messi ýene bir ýola özüniň ägirtdigini subut etdi. 85-nji minutda jerime meýdançanyň daşynda duran Enzo Fernandese asist edip, hasabyň deňlenmeginde uly goşant goşdy. Bu goluň öňüsyrasynda Enzo Fernandesiň urgusyny Pikford saklapdy. Ýöne 2-nji gezekde urgy juda batly bolup, ony sowmak başartmady. Duşuşygyň tamamlanmagyna amerikaly emin Ismail Elfath 9 minut goşdy. Oýna 81-nji minutda giren Lautara Martinese Lionel Messi topy derwezä salaýmaly edip berdi. Ol hem päsgelçiliksiz kelle urgusy bilen topy tora gönükdirip, argentinleri öňe geçirdi. Galan minutlarda-da iňlislere ibaly hüjüm gurnap, hasaby deňlemek başartmady. Şeýlelikde, Tuheliň oýnuň soňky 20-25 minutyny goragda geçirmek taktikasy oňyn bermedi we Angliýanyň ýygyndysy 2-1 hasabynda asgyn geldi.

Duşuşykda 2 asist eden Lionel Messiniň Dünýä Kubogyndaky asistleriniň sany 12-ä ýetdi. Şol bir wagtyň özünde Argentinanyň ýygyndysy 7-nji gezek hem ýarym finalda ýeňilmedi. Başgaça aýdylanda, 7-nji gezek finala çykmagy başardy. Messi 15-nji gezek oýnuň ýyldyzy saýlanyp, öz rekordyny hasam ösdürdi.

Argentinanyň ýygyndysy bassyr 2-nji gezek finala çykyp, tangoçylar bu statistikany 2-nji sapar gaýtaladylar.
Argentinanyň ýygyndysy finalda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Hemmäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu taryhy duşuşygy 19-njy iýuldan 20-nji iýula geçilýän gije 00:00-da Nýu Ýorkdaky MetLife Stadium-da başlanar.

Angliýanyň ýygyndysy 60 ýyldan soň 2-nji finalyna çykmak mümkinçiligini elden giderip, 3-nji gezek bürünç medal duşuşygyna çykar. 3-nji ýer üçin oýunlaryň ikisinde-de utulan iňlisleriň çempionlyk arzuwy indiki çempionata galdy.
PDF









