Dünýä Kubogy 2026-da bürünç medal duşuşygynda 2 gezek tapawutlanan Kilian Mbappeniň şu çempionatdaky gollarynyň sany 10-a ýetdi. Şol bir wagtyň özünde-de 22-nji oýnunda 22-nji goluny geçirdi. Fransiýaly ýyldyz oýunçy 2 görkeziji boýunça-da Lionel Messiden öňe geçmegi başardy. Şeýlelikde, “Altyn butsy” baýragyny gazanan Kilian Mbappe yzly-yzyna 2 Dünýä Kubogynyň iň köp gol geçiren oýunçysy bolup, muny başaran ilkinji futbolçy hökmünde taryha girdi. Mbappe 4 ýyl öňki Katar 2022-de 8 gol geçirip, “Altyn butsy” baýragyny eýeläpdi. Galyberse-de, Mbappe soňky 56 ýylda bir Dünýä Kubogynda 10 gol geçiren ilkinji, umumylykda 4-nji futbolçy boldy. Mbappeden öň 1954-nji ýylda wengriýaly Sandor Koçiş 11, 1958-nji ýylda fransiýaly Žýust Fonten 13, 1970-nji ýylda-da germaniýaly Gerd Müller 10 gol geçiripdi.

Kilian Mbappeniň Dünýä Kubogynda geçiren umumy gollarynyň sany 22-ä ýetdi. Ol 21 golly Lionel Messiden öňe saýlanyp, rekordyň täze eýesi bolmagy başardy.

Şeýlde-, Mbappe şu möwsümde Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” 23, UEFA Çempionlar Ligasynda 15, Dünýä Kubogynda-da 10 gol salyp, 3 ýaryşda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Ýöne Mbappe möwsümi ýeke kubok hem gazanyp bilmezden tamamlady.