Lionel Messiniň Dünýä Kubogyndaky soňky oýnuny görmek isleýän agentinaly žurnalistler Argentinadan Demirgazyk Amerika tarap syýahata başlady. Argentinleriň futbola bolan süýgüsi bütin dünýäde mälimdir. Futboly jany-teni bilen söýýän argentinaly Huan Miguel Silio we kärdeşleri 2026-njy ýylda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek Dünýä Kubogyna gatnaşmak üçin eýýäm ýola çykdy. Entre Rios welaýatynda ýaşaýan 55 ýaşly Silio futbol çempionatyna tomaşa etmek üçin Demirgazyk Amerika çenli welosipedli gitmegi ýüregine düwüpdir. Onuň ýolbaşçylyk edýän topary barmaly menziline ýetmek üçin her günde 100 kilometr ýol geçmegi maksat edinýär. Janköýerler köplenç gijelerine ýolunyň ugrunda kimdir biriniň öýünde Taňry myhmany bolýarlar. Ilatsyz ýerlerde bolsa, öz çadyrynda dynç alýarlar. Silio: “Nirede garaňky düşse, şol ýerde düşleýäris, käwagt çadyrda, käte ýoluň boýunda ýyldyzlaryň astynda, kimdir biri çagyrsa, saçagyň başynda ýa-da bolmasa hostelde. Adamlar köp goldaw berýärler, sebäbi welosipedli adamy görenlerinde nireden gelip, nirä barýanyňy bilesleri gelýär. Käwagt bilesigelijiligi goldawa öwrülip, sizi öýüne çagyrýarlar, ýatara ýer berýärler, gerek zadyň bardygyny ýa-da ýokdugyny soraýarlar we kömek edýärler. Welosiped bilen syýahat edeniňizde syýahatyň başga görnüşindäkiden has köp göze ilýärsiňiz” – diýip belleýär.
Silio mundan ozal 2022-nji ýylda Madridden Katara çenli 6 aýda baryp, Messiniň duşuşyklaryna tomaşa edipdi. Toparyň agzalary Messiniň Dünýä Kubogyndaky duşuşyklaryna stadionda tomaşa etmegi we Argentinanyň kubok alanyna şaýat bolmagy maksat edinýärler.